«Ford Mustang» Nýurburgring ýaryş ýodasynda ABŞ-nyň iň ýyndam awtoulagy boldy
11 Dekabr 2024
«Ford Mustang» Nýurburgring ýaryş ýodasynda ABŞ-nyň iň ýyndam awtoulagy boldy

ABŞ-nyň meşhur Nýurburgring ýaryş ýodasyndan geçip, «Ford Mustang GTD» resmi taýdan ABŞ-nyň tapgyrlaýyn awtoulaglarynyň arasynda iň ýyndamy boldy. Kompressorly 5,2 litrlik V8 kuwwatly hereketlendiriji bilen üpjün edilen sport awtoulagy ýaryş ýodasynyň aýlawyny 6 minut 57,685 sekuntda geçdi. Bu üstünlik diňe bir ABŞ-nyň iň ýyndam awtoulagy diýen at üçin dowam edýän bäsleşmä nokat goýmak bilen çäklenmän, «Mustang GTD» awtoulagyna «Lamborghini Aventador SuperVeloce» we «Ferrari 296 GTB» ýaly meşhur garşydaşlaryny yzda galdyrmaga hem mümkinçilik berdi – diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Mustang» ulagynyň ýaryş ýodasynyň aýlawyny geçen wagty «Porsche 918 Spyder» supergibrid ulagynyň geçen wagty bilen deňeçer netijä golaý boldy.

Emma muňa garamazdan, hereketlendirijisi öňünde bolan tapgyrlaýyn awtoulaglaryň arasyndaky rekord häzire çenli Mercedes-AMG GT Black Series ulagyna degişlidir, ol 2020-nji ýylda ýaryş ýodasynyň aýlawyny 6 minut 43,616 sekuntda geçip, bu rekordy goýupdy. Bar bolan rekordlara garamazdan, Ford kompaniýasynyň baştutany Jim Farli «Mustang GTD» awtoulagynyň mümkinçilikleriniň henizem ýeterlik bardygyny we kompaniýanyň ulagyň görkezijilerini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmekçi bolýandygyny aýtdy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»