
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. TDH-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşlikde Binali Ýyldyrym Türkmenistandaky dabaralara gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkiýäniň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
"Türkmenistan goňşy hem doganlyk ýurtlar, hususan-da, türki döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we doganlyk halklary taryhyň, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň düzüm birlikleri, hususan-da, TÜRKSOÝ-yň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň gerimini giňeltmek maksadalaýykdyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň ähmiýeti hem bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklap, myhmana asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.