«Bugatti» Germaniýanyň seýrek önümleri öndüriji «Fahrengold» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ýokary derejeli superkarlar üçin ýörite döredilen kaşaň ulaghanasy bilen tanyşdyrdy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Ulaghananyň ölçegleri 6,15 x 3,65 x 2,55 metre barabar. Demir we alýumin materiallaryndan ýasalan berk gurluşy, panorama görnüşinde aýnalanan we elektrik togy bilen işleýän gapylary bu ulaghanany diňe bir dürli taraply däl-de, eýsem estetiki taýdan-da özüne çekiji edýär. «Bugatti Edition FG-01 Garage» ulaghanasy awtoulag üçin ähli zerur bolan zatlar bilen üpjün edilendir: ol howa-gözegçilik ulgamyny, howpsuzlyk abzallaryny, sazlanylýan yşyklandyryşy we interýeriň stilli elementlerini öz içine alýar. Her bir «Bugatti Edition FG-01 Garage» ulaghanasy – bu el işiniň netijesidir.
Ol awtoulag üçin juda laýyk ýörite ulaghana bolup, 2500 sany düzüm bölegi sekiz günde ýygnanylyp, yhlas bilen döredilýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»