Belarusyň «Belgee EX50» elektrik krossoweri täze dizaýna eýe boldy
18 Dekabr 2024
Belarusyň «Belgee EX50» elektrik krossoweri täze dizaýna eýe boldy

Belarusda çykarylýan «Belgee EX50» elektrik krossoweri täze dizaýna eýe boldy – diýip, gazeta.ru saýty habar berýär. Elektromobiliň işlenip taýýarlanmagy Milli ylymlar akademiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp baryldy. Häzirki wagtda onuň bäş sany synag nusgasyny öz içine alýan birinji toplumy taýýarlandy. Täze elektrik krossoweriň daşky görnüşi däp bolan benzinli awtoulaglaryň modellerinden tapawutly görünýär. Hünärmenler awtomobiliň daşky görnüşine düýpli üýtgeşmeleri girizip, asyl nusgadaky bamperiň we radiatoryň stilli ýalpyldawuk gözeneginiň adaty diliklersiz bolmagyna üns berdiler. Kompaniýa öz gazananlaryndan yza çekilmegi asla göz öňünde tutmaýar. Ulaglaryň synag toplumy ykjam barlanandan soň, kompaniýanyň ýolbaşçylary tapgyrlaýyn önümçiligi doly möçberde goýbermegi niýet edýär.

Ýöne bazara çykmazyndan ozal elektromobil gaty çylşyrymly synaglardan geçmeli bolar we olaryň netijesinde oňyn täjirçilik baha eýe bolar. «Belgee EX50» elektrik krossoweriň peýda bolmagy Belarusyň awtomobil senagaty üçin ulaglaryň elektrikleşdirme ugrundaky iňňän möhüm ädimi bolar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»