
Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi «Suzuki» meşhur hot-hetç ulagynyň häzirki nesiliniň soňkusy boljak ýörite «Swift Sport Final Edition» tapgyrynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Bu aýratyn awtoulag kysymy diňe Ýaponiýanyň içerki bazary üçin elýeterli bolar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
«Suzuki Swift ZC33S Final Edition» ulagy birnäçe üýtgeşik dizaýn elementlerini özünde jemleýär: ýalpyldawuk gara radiator gözenegi, aýratyn 17 dýuýmly gara tekerleri, ýiti gyzyl tormoz supportlary we awtoulagyň yzky sütünlerindäki bezeg ýelmemeleri. Galyberse-de, awtoulagyň daşky görnüşi adaty «Swift Sport» ulagyň häsiýetli alamatlaryny saklap galýar.
«Final Edition» awtoulagynyň öndürilmegi şu ýylyň martyndan noýabr aýyna çenli meýilleşdirilýär. Özboluşly çykarylan görnüşiniň bahasy saýlanyp alynjak transmissiýa baglylykda 2,33 million ýenden 2,4 million ýen aralykda bolar.