
«Tesla» kompaniýasy ýene-de ýüz müňlerçe elektrik ulaglaryny yzyna gaýdyp alýar. Bu gezek mesele tigiriň basyşyny gözegçilik ediji ulgamynda ýüze çykdy. Gaýdyp almaklyk 3, Y we Cybertruck modellerini öz içine alýar, soňky model üçin şu ýylyň dowamynda eýýäm ýedinji yzyna gaýdyp almak boldy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Programma üpjünçiligindäki ýalňyşlyk sebäpli tigiriň basyşynyň gözegçilik çyrasy ýanmaýar, bu bolsa howpsuzlyga howp döredýär.
Iň gowy ýeri, henize çenli bu mesele sebäpli hiç hili ulag heläkçiligi hasaba alynmandyr. Yzyna gaýdyp almak giň göwrümli modelleri öz içine alýar, şol sanda 2017-2025-nji ýyllarda öndürilen Model 3 sedanlary, şolaryň hatarynda 2020-2025-nji ýyllarda öndürilen Model Y krossowerleri we 2024-nji ýylda çykan Cybertruck elektrik pikaplary bar. Näsazlygy düzetmek üçin awtoulagyň eýeleri hyzmat ediş merkezine barmaly däl. «Tesla» bu näsazlygy uzak aralykdan düzetmegi niýet edýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»