«Hyundai Ioniq 5» Hindistanda syýahat eden mahaly elektrikli awtoulaglar üçin beýikligiň üýtgäp durmagynda dünýä boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy. Ekspedisiýada awtoulag 5802 metr beýiklik tapawudyny geçdi – diýip, kolesa.ru saýty habar berýär. Awtoulagyň ugry Ladah sebitindäki Umling-La geçelgesinden, ýagny dünýäde iň beýik gara ýoluň geçýän ýerinden (deňiz derejesinden 5799 metr beýiklikde) başlandy.
Ahyrky nokady bolsa deňiz derejesinden 3 metr aşakda ýerleşýän Kuttanad etraby boldy. Elektrokrossower 14 günüň dowamynda 4900 kilometrden gowrak aralygy geçdi. Hyundai kompaniýasy syýahat mahaly awtoulagyň zarýad berlişi we onuň zarýad berilýän ýerleri barada jikme-jik maglumatlary açyklamaýar. Hindistanyň oba ýerlerinde zarýad beketleriniň infrastrukturasynyň gowşakdygyny göz öňünde tutup, ähtimal, göçme energiýa çeşmeleri ulanylandyr. Rekord goýulandygyna garamazdan, «Hyundai Ioniq 5» krossoweriň Hindistanda satuw görkezijileri pes bolmagynda galýar.
Ýylyň başyndan noýabr aýyna çenli bary-ýogy 504 sany awtoulag satyldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 54,8% pesdir. Onuň 4 605 000 rupiýadan başlanýan ýokary bahasy, ýerli bazarda esasy päsgel beriji faktor bolmagynda galýar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»