Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02 Ýanwar 2025
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi, bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Kuba Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»