«Consumer Reports» amerikan neşiriniň 2024-nji ýylda awtoulag brendleriniň ygtybarlylygy boýunça geçiren barlaglaryna görä, Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi «Subaru» garaşylmadyk ýagdaýda iň ygtybarly awtoulag kysymlarynyň sanawynda öňdeligi eýeledi. Barlag soňky çärýek asyrda öndürilen 300 müň dürli awtoulagy öz içine aldy — diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Subaru» kompaniýasy 100 mümkin bolan balldan 68 ball alyp, adaty ygtybarly liderler bolan - Lexus (65 ball) we Toyota (62 ball) kompaniýalaryndan öňe saýlanmagy başardy.
Bellemeli ýeri, ilkinji alty orny ýapon awtoulag öndürijileri eýelediler: liderleriň üçlüginden soň 59 ball bilen Honda, şeýle hem her biri 55 ball alan Acura we Mazda brendleri gelýär. Bilermenler «Subarunyň» üstünliginiň açarynyň awtoulaglaryň işlenip düzülmegindäki konserwatiw strategiýasy bolandygyny belleýärler. Kompaniýa bäsdeşler bilen deňeşdirilende wagt bilen synagdan geçen tehnologik çözgütleri we has ýönekeý ulgamlary ulanmagy makul bilýär, bu bolsa awtoulaglaryň umumy ygtybarlylygy üçin oňyn täsir edýär.
Reýtingiň soňunda gelýän orunlarda Tesla (36 ball), Volkswagen (34 ball), Jeep we GMC (her biri 33 ball), Cadillac (27 ball) brendleri ýerleşdiler. Iň pes ygtybarlylyk görkezijisini ýaş elektromobil öndürijisi «Rivian» görkezdi, ol bary-ýogy 14 ball aldy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»