Hytaýyň «Tank» awtoulag öndürijisi täze ulagyny Hi4-Z gibrid güýç beriji hereketlendirijisi bilen üpjün edip, onuň täze modifikasiýasyny hödürledi we özüniň 500-lik kysymynyň hataryny giňeltdi – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Hi4-Z ulgamy öňki Hi4-T görnüşinden diňe bir kuwwatynyň 863 at güýjüne çenli ýokarlanandygy bilen däl-de, eýsem gowulandyrylan tehniki häsiýetleri bilen hem tapawutlanýar. Inženerler mehaniki doly dört işleýän tekerli görnüşinden ýüz öwürdiler. Bu kuwwaty 59 kWt⋅sagada barabar bolan akkumulýator batareýasyny ulagyň oklarynyň arasynda has amatly edip ýerleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Täze hereketlendiriji bilen ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulag arassa elektrik energiýasynda 201 kilometre çenli ýol geçip bilýär, WLTC sikli boýunça umumy ýöriş aralygy bolsa 1096 kilometre ýetýär. Zarýad almagyň tizligi aýratyn üns berilmäge mynasypdyr: zarýadyň 30-dan 80 göterimini dikeltmek üçin bary-ýogy 15 minut sarp etmek ýeterlikdir.
Daşyndan synlanyňda «Tank 500» awtoulagynyň täze modifikasiýasy adaty görnüşinden kän bir tapawutlanmaýar. Ol diňe akdan gyzyla öwrülýän reňk özgermesi bolan aýratyn görnüşi bilen tapawutlanyp biler, onuň bu modeli bolsa goşmaça tölegsiz elýeterlidir.