Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web saýtynda 2025-nji ýyl üçin önümçilik senenama çap edildi.
Senenama görä, 2025-nji ýylda Türkmenistanda baýramçylyk we ýatlama günlerine gabat gelýän 12 sany işlenilmeýän gün bolar:
-
1-nji ýanwar – Täze ýyl;
-
8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
-
21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;
-
30-njy mart – Oraza baýramy;
-
18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy güni;
-
6-7-8-nji iýun – Gurban baýramy;
-
27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
-
6-njy oktýabr – Ýatlama güni;
-
12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni.
Bu günlerde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda iş geçirilmeýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, bu günleriň öň ýanyndaky iş wagty 1 sagat gysgaldylýar.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, iş wagtlarynyň kadalary bilen şu salgydan doly tanyşyp bilersiňiz.