Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary Saud Ösüş gaznasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy
08 Ýanwar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary Saud Ösüş gaznasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy

Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy we Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud Ösüş gaznasynyň arasynda degişli resminama gol çekildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem