Hongqi ýoluň ýüzüni skanirleýän elektrik krossoweri çykarmaga girişýär
08 Ýanwar
Hongqi ýoluň ýüzüni skanirleýän elektrik krossoweri çykarmaga girişýär

Hytaýyň Hongqi ýokary derejeli awtomobil öndürijisi öňdebaryjy asgyç tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze Tiangong 08 modeli bilen elektromobilleriň hataryny giňeldýär. Autohome saýtynyň habar berşi ýaly, bu krossower iki görnüşde: kuwwaty 344 at güýji bolan diňe yzky tekerleri hereket edýän bir hereketlendirijili hem-de dört tekeri doly hereket edýän kuwwaty 619 at güýjüne barabar bolan görnüşleri hödürlenýär.

Awtomobiliň täze innowasion pnewmatiki asgyjy aýratyn üns bermäge mynasypdyr, ol ulagyň gatylygyny alty düzgünde sazlamaga ukyplydyr. Bu ulgam ýol örtüginiň ýagdaýyny derňäp bilýär we asgyjyň parametrlerini hakyky wagt tertibinde awtomatiki usulda uýgunlaşdyrýar, bu bolsa ilkinji gezek 2012-nji ýylda Mercedes-Benz tarapyndan iň ýokary modellerde görkezilen Magic Carpet tehnologiýasyny ýadyňa salýar.

Hytaý bazarynda Tiangong 08 awtoulagyň bahasy enjamlaşdyrylyş derejesine baglylykda 239,8 müň ýuandan 339,8 müň ýuana çenli aralykda üýtgeýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem