Honda Civic Demirgazyk Amerikada «Ýylyň awtoulagy» adyna dördünji gezek mynasyp boldy
13 Ýanwar
Honda Civic Demirgazyk Amerikada «Ýylyň awtoulagy» adyna dördünji gezek mynasyp boldy

«Honda Civic» kysymynyň on birinji nesliniň gibrid görnüşi Demirgazyk Amerikada abraýly «Ýylyň awtoulagy» baýragyna eýe boldy. Bu modeliň 2006, 2016 we 2022-nji ýyllardaky üstünliklerinden soň dördünji gezek ykrar edilip, bu başga hiç bir awtoulagyň gaýtalap bilmedik üstünligidir – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Honda 1994-nji ýyldan bäri geçirilýän bäsleşigiň taryhynda iň üstünlikli brendleriň biri hökmünde öz ornuny berkidýär. Civic kysymyndan başga-da, Ridgeline pikapy (iki gezek - 2006 we 2017-nji ýyllarda) we Accord sedany (2018-nji ýylda) şunuň ýaly ýokary baýraga mynasyp bolupdy.

Civic kysymy Hondanyň esasy modeli bolmagyny dowam edýär we soňky 52 ýylyň dowamynda Demirgazyk Amerikanyň bazarynda iň meşhur ýeňil awtoulaglaryň üçlügine girýär. 1973-nji ýylda bazara çykarylandan bäri Demirgazyk Amerikada bu modeliň 15 milliondan gowrak nusgasy satyldy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem