Tesla kompaniýasy ABŞ-da Cybertruck ulagyna arzanladyş teklip edip başlady
20 Ýanwar
Tesla kompaniýasy ABŞ-da Cybertruck ulagyna arzanladyş teklip edip başlady

Satuwlaryň başlanandan bir ýyldan soň, Tesla kompaniýasy Cybertruck pikapyna arzanladyş maksatnamasyny durmuşa geçirmäge başlady. Bazaryň bilermenleri bu ädimiň modele bolan ilkibaşdaky gyzyklanmanyň kem-kemden peselýändiginiň alamaty hökmünde görýärler – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Öndürijiniň resmi web-saýtyndaky maglumatlara görä, müşderiler 1000-den 2630 ABŞ-nyň dollary aralygynda bahanyň pese düşmegine umyt baglap bilerler. Arzanladyşsyz elektrik ulagynyň pikap modeliniň başlangyç bahasy 82 müň dollara barabardyr.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda bazara çykarylan gününden bäri Cybertruck awtoulagynyň takmynan 35-40 müň sanysynyň satylandygyny satuw statistikasy görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, Ilon Mask ozal ulagyň bu modelini satyn almak üçin takmynan bir million adamyň öňünden sargyt edendigini aýdypdy.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem