
Brand Finance konsalting kompaniýasynyň soňky hasabatyna görä, Hytaýyň elektrik ulaglaryny öndürijisi BYD kompaniýasynyň brend bahalandyrmasy ýokary ösüş derejesini görkezdi. 2020-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli döwürde bu brendiň bahalandyryş gymmaty 3,1 milliard dollardan 14 milliard amerikan dollary derejesine çenli ýokarlandy. Bu bolsa kompaniýa iň çalt ösýän brendleriň hatarynda ýedinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi — diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Düýpli ösüş derejesine garamazdan, BYD kompaniýasy dünýäniň iň gymmat brendleriniň umumy reýtinginde 167-nji orny eýeleýär. Awtoulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy orny 64,738 milliard dollar baha (umumy reýtingde 18-nji orun) eýe bolmak bilen Toyota saklap gelýär. Onuň yzyndan 53,021 milliard dollarlyk Mercedes-Benz (23-nji orun) we 46,259 milliard dollarlyk Hyundai Group (29-njy orun) gelýär.
Birinji ýüzlüge şeýle hem Tesla (36-njy orun, 42,992 milliard), BMW (37-nji orun, 42,5 milliard), Porsche (40-njy orun, 41,145 milliard), Mitsubishi Group (43-nji orun, 40,359 milliard) girdi. Öňdebaryjy awtoulag brendleriniň sanawyny reýtingiň 60-njy ornundan 86-njy ornuna çenli ýerleşýän Tata Group, Volkswagen, Honda we Ford jemleýär.