Barselonanyň metrosy tormoz berlende döreýän energiýa bilen elektromobillere zarýad berip başlady
27 Ýanwar
Barselonanyň metrosy tormoz berlende döreýän energiýa bilen elektromobillere zarýad berip başlady

Barselonanyň metrosy energiýany innowasiýa taýdan täzeçe ulanmak bilen, otlylaryň togtamasyny elektrik ulaglary üçin energiýa çeşmesine öwürdi. Ulgamyň işleýşi juda ýönekeý: otly togtan mahaly kinetiki energiýa hereketlendirijilere gurnalan ýörite generatorlar arkaly elektrik energiýasyna öwrülýär – diýip, euro-pulse.ru saýty habar berýär. Öndürilen elektrik energiýasynyň bir bölegi metronyň öz zerurlyklary üçin ulanylýar, artykmaç galýan energiýa bolsa elektrik ulaglaryna zarýad bermek üçin ýerüstine iberilýär.

Häzirki wagtda taslamada 16 sany metro stansiýasy bu işe çekildi we olaryň sany ýakyn wagtda artmagy ahmal. Ulaglar parnik gazlaryny çykarýan esasy çeşmeleriniň biridigini göz öňünde tutup, şular ýaly taslamalar ÝB-niň howa gurşawyny goramak maksatlaryna ýetmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem