Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň daşary işler ministri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
27 Ýanwar
 Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň daşary işler ministri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi D.Seýtmämmedow Gruziýanyň daşary işler edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwili bilen duşuşdy. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşykda taraplar dürli formatlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, esasan hem söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmegiň möhümdigini aýtdylar.

Iki ýurduň wekilleri hökümetara ykdysady toparyň işine we parlamentara gatnaşyklara oňyn baha berdiler. Maka Boçorişwili we D.Seýtmämmedow ikitaraplaýyn gepleşikleri giňeltmäge gyzyklanma bildirip, ýurtlaryň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary has-da berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem