ABŞ-nyň iri awtoulag öndürijisi Ford 2024-nji ýylda bu ýurtdaky söwdasynyň 2 078 832 awtoulaga çenli (2023 bilen deňeşdirilende 4,2% ýokary) ösüşe eýe bolandygy barada hasabat berip, kompaniýanyň täze ösüş tapgyryny yglan etdi. Pikaplaryň, ýolsuz ýerlerden geçýän ulaglaryň we Mustang kysymynyň önümçiligini dowam etdirmek bilen, öndüriji öz awtoulaglarynyň müşderiler üçin has elýeterli bolmagyny meýilleşdirýär – diýip, kolesa.ru saýty habar berýär.
Şol bir wagtda Ford arzan sedan we heçbek ulag görnüşleriniň önümçiligine gaýdyp barmakçy däldigini aýan etdi.
Automotive News neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa Escape we Explorer krossowerleriniň, şeýle hem F-150 pikaplaryň başlangyç wersiýalarynyň önümçiligini artdyrmaga üns bermegi meýilleşdirýär. Has arzan görnüşler hökmünde görkezilýän Bronco Sport we Maverick modelleriniň öňe sürülmegine aýratyn üns berler. Hatda arzan hasaplanýan Maverick kysymynyň hem umumy gymmatlama meýilinden gaça durup bilmändigini bellemek gerek: onuň bahasy başdaky 19 995 dollardan 26 295 dollara çenli ýokarlandy.