Türkmenistan IFT 2025 forumynda esasy maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrar
01 Fewral 2025
Türkmenistan IFT 2025 forumynda esasy maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» (IFT 2025) halkara forumy 18-nji martda ýurduň hususy pudagyndaky geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Forumuň esasy ugurlary ulag pudagy, senagat, oba hojalygy we IT-pudagy bolar. Türkmen kompaniýalary gatnaşyjylaryň öňünde geçirilýän ara alyp maslahatlaşmalarynyň dowamynda we tanyşdyryş çäreleriniň barşynda öz maýa goýum taslamalaryny görkezerler. Şunda esasan halkara işewürlik aragatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berler.

Foruma gatnaşmak üçin kompaniýalar 15-nji fewrala çenli öz maýa goýum tekliplerini mailto:tstb.halkara@gmail.com elektron poçtasyna ýa-da 21-24-06 telefon belgisi boýunça iberip bilerler. Taslamalar çäräniň resmi saýtynda çap ediler.

Hasaba alyş ift.com.tm saýtynda elýeterlidir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»