Neapolda geçirilen auksiona çykarylan Bentley Continental GTC Speed awtoulagy söwdalaşyklaryň barşynda esasy waka boldy. Mulliner atelýesi tarapyndan kämilleşdirilen täze nesliň birinji tapgyrly kabrioleti 1,7 million dollara satyldy. Bu bahasy 300 müň dollara barabar bolan esasy modeliň bahasyndan bäş esse ýokarydyr – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Awtoulag nepis melewşe reňkli Damson reňkine boýalyp, ol ýakymly garamtyl-çal reňkli ýokary tarapy bilen sazlaşykly utgaşýar.
Kabrioletiň salony esasy ak reňk bilen utgaşýan elementleriň kontrastly utgaşmagy bilen täsir galdyrýar. Awtoulagyň aýratynlygy öň paneliniň we merkezi tonneliniň agaçdan ýasalan bezegi hem Damson reňki bilen ýerine ýetirilmegidir, bu onuň özboluşlylygyny nygtaýar. Auksion söwdasynda ýeňiji bolan awtoulagdan başga-da, awgust aýynda geçiriljek Monterey Car Week festiwalyna ýörite çakylyk aldy. Bu çakylyk bilen festiwala baranlar kaşaň myhmanhana bilen üpjün edilýärler, olar esasy çärelere gatnaşýarlar we Bentley tarapyndan geçirilýän ýapyk agşamlyk kabul edişliginiň arzyly myhmanlary bolýarlar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»