Xiaomi SU7 elektromobili kompaniýanyň ýubileýi mynasybetli özboluşly goýy gyrmyzy reňke eýe boldy
04 Fewral
Xiaomi SU7 elektromobili kompaniýanyň ýubileýi mynasybetli özboluşly goýy gyrmyzy reňke eýe boldy

Xiaomi öz 15 ýyllyk ýubileýi mynasybetli SU7 elektrik sedanynyň aýratyn reňke eýe bolan görnüşini görkezdi. Goýy gyrmyzy öwüşgin modeliň reňk toplumynda onunjy boldy. Bu reňke diňe awtoulagyň kuzowy däl-de, eýsem tigir diskleri hem boýalypdyr, olar sary tormoz supportalary bilen täsirli gapma-garşylyk döredýär, şeýle hem bamperiň bölekleri hem goýy gyrmyzy reňke eýe bolupdyr – diýip, auto.mail.ru saýty habar berýär. Täze reňkiň özboluşlylygy bahada hem öz beýanyny tapýar - goşmaça töleg 9 müň ýuan bolar, bu bolsa beýleki reňk çözgütlerinden 2 müň ýuan gymmatdyr. CarNewsChina neşiriniň maglumatlaryna görä, goýy gyrmyzy görnüşi aýratyn-da zenan awtosöýüjiler üçin özüne çekiji bolup, olar eýýäm modeliň satyn alyjylarynyň uly bölegini düzýär.

Xiaomi kompaniýasynyň baş müdiri Leý Szýunyň belleýşi ýaly, aýal-gyzlar SU7 elektromobiliniň müşderi binýadynyň 40%-den gowragyny emele getirýär we bu san ýakyn wagtda ähli satuwlaryň ýarysyna ýetip biler. Giň reňk toplumy SU7 elektromobiliniň bazardaky üstünliginiň esasylarynyň birine öwrüldi. Köp sanly hytaý awtoulag öndürijileriniň 4-6 reňk bilen çäklenýän wagty, Xiaomi satyn alyjylara ulaglary 10 dürli öwüşginden saýlamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa aýratyn-da awtosöýüjileriň ýaş nesli üçin özüne çekiji bolup durýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem