Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini doglan güni bilen gutlady
05 Fewral
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýdyp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem