
Hytaýyň BYD awtoulag konserni e7 ady bilen D-synply täze elektrik sedanynyň resmi suratlaryny çap etdi. Kompaniýa entek bu model baradaky jikme-jik maglumatlary resmi taýdan aýan etmese-de, Cnevpost neşiri käbir tehniki häsiýetnamalaryň sertifikatlaşdyrma işleri geçirilen mahaly belli bolandygyny habar berýär. Deslapky maglumatlar bu täze modeliň elýeterli bahaly awtoulaglaryň hatarynda bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
Çap edilen suratlardan çen alnanda, BYD kompaniýasy e7 awtoulag kysymynyň saldamly çyzyklary, giňeldilen yzky ganatlary we gysga yzky tarapy bilen dinamiki sudura eýe bolupdyr. Biraz gyşaryp duran gündiz ýakylýan çyralary bolan awtoulag yşyk tehnologiýasynyň asyl nusgasy bilen enjamlaşdyrylyp, ol belli bir derejede Porsche Taycan awtoulagynyň optikasyny ýada salýar.
Häzirki wagtda e7 kysymy diňe 136 at güýjüne barabar bolan bir elektrik hereketlendirijisi bilen sertifikatlaşdyryldy, ol sagatda 150 kilometre çenli aňrybaş tizligi üpjün edýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»