Russiýada sürüjisiz ýük ulaglary işe girizildi
10 Aprel 2025
Russiýada sürüjisiz ýük ulaglary işe girizildi

Merkezi halkalaýyn awtoulag ýolunda (MHAÝ) sürüjisiz magistral tirkegli ulaglaryň hereketine badalga berildi. Taslamada KamAZ we Navio kompaniýalary gatnaşýarlar – diýip, TASS agentligi habar berýär.

«Sürüjisiz logistika geçelgeleri» taslamasyna 2023-nji ýylyň iýun aýynda badalga berildi. Synag üçin esasy ýer M-11 «Newa» ýolydyr, ol ýerde 2024-nji ýylyň güýzünde sürüjisiz doly awtomatlaşdyrylan ulag serişdeleriniň hereketi başlandy.

Synaga gatnaşyjylaryň biri Navio kompaniýasy aprel aýynyň başynda ýük ulaglaryny öndüriji Sinotruk bilen strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny yglan etdi. Kompaniýalar bilelikde awtonom dolandyryş ulgamlaryny birikdirmek üçin niýetlenen tirkegli ulagy işläp düzmegi we önümçiligini işe goýbermegiň meýilnamasyny göz öňünde tutýarlar.

* MHAÝ - bu Moskwa oblastynyň we bölekleýin Täze Moskwanyň çäklerinden geçýän tölegli ýokary tizlikli awtoulag ýolydyr.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»