Türkmenistanyň biržasy BAE-niň telekeçileri bilen gaz boýunça geleşikleri baglaşdy
27-nji maýda Türkmenistanyň biržasynda möhüm söwdalaşyklar amala aşyryldy. Daşarky bazarda Owganystandan we BAE-den gelen telekeçiler «Türkmenhimiya» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar – diýip, TDHÇB-nyň saýty habar berýär.
Şol bir wagtyň özünde, içerki bazarda ýerli kompaniýalar «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny we we nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň dowamynda jemi 18 919 790,00 manada we 1 059 500,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.
şeýle hem okaň:
//=YII::t('app','Similar')?>


