Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy bolar
09 Oktýabr 2025
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy bolar

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryny, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.