Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow 25-nji fewralda Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşdy.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-pakistan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda parlamentara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.
Duşuşykda özara bähbitli infrastruktura we energetika taslamalaryny ilerletmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagyň sebit durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi