Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen diplomaty IRENA-nyň Baş direktoryna Türkmenistanyň bu halkara guramanyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmündäki ynanç hatyny gowşurdy.
Türkmen diplomaty dabaradan soňra bolan resmi kabul edişligiň dowamynda agentligiň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
IRENA-nyň Baş direktory diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, agentligiň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.
Taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Şunda «ýaşyl» wodorod öndürmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatdaky bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge we ählumumy ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen uzak möhletleýin gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi