Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Beýik Lideriniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
03 Mart
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Beýik Lideriniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we Eýranyň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de onuň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi. Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi