Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler
20 Aprel 2026
Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik maslahaty we sergisi geçiriler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Nökerguly Atagulyýew paýtagtymyzda guraljak Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna hem-de degişli sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Häzirki wagtda agzalan çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet edaralaryndan we dürli ugurlarda işleýän kompaniýalaryndan 80-den gowragy hasaba alyndy. Forumyň myhmanlary maşyngurluşyk, nebitgaz, energetika, sanly ulgamlar, oba hojalygy we logistika ýaly möhüm pudaklaryň wekillerinden ybaratdyr.

Türkmenistan tarapyndan bu foruma degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar. Çäräniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentimiz wise-premýere Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.