Türkmenistan bilen BSGG-niň hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy
21 Aprel 2026
Türkmenistan bilen BSGG-niň hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, 20-nji aprelde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygynda bu ulgamyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BSGG-niň ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Şunda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn häsiýetli taslama resminamalaryny ilerletmek, şeýle hem bu ugurda öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Hususan-da, Ženewada geçiriljek Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde meýilleşdirilýän çärä taýýarlyk meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we saglygy goraýyş ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge özara gyzyklanmalary tassykladylar.