Türkmenistanda «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
06 Maý 2026
Türkmenistanda «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Žurnalyň täze sanynda jemgyýetçilik-syýasy ösüşler, ýaşlar syýasaty, ekologiýa abadançylygy, milli gymmatlyklar we halkara hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ugurlar giňden beýan edilýär.

Neşirde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary sport bilen giňden meşgullanmaga çekmek baradaky möhüm wezipeler hem giňişleýin şöhlelendirilýär. Şeýle-de žurnalyň sahypalarynda ekologiýa meselelerine bagyşlanan makalalar, ýaşlaryň tebigaty goramakdaky jogapkärçiligi, «ýaşyl» ösüş ýörelgeleri we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti barada gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir.

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sanynda ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşygyny ýokarlandyrmak hem-de giň dünýägaraýyşly raýatlar bolup kemala gelmegine itergi bermek maksady bilen taýýarlanylan makalalara, teswirlere we çykyşlara giňden orun berlipdir.