5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýändigini bellemek gerek.
Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi. Sergide görkezilen sungat eserleri, ýurdumyzyň ösüşine, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuna degişli maglumatlar halkymyzyň däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Soňra Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty türkmen halkynyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmagy esasy ugur edinýär.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň her birimize uly ynam bildirýär. Bu belent ynamdan ruhlanyp, asuda, abadan döwletimiziň tutýan toýlaryna dahylly bolmak belent mertebedir. Taryhdan belli bolşy ýaly, at çapyşyklary, umuman, ynsan gylykly bedewler türkmen toýlarynyň baş bezegine öwrülipdir. Türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke bedewlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ganatly bedewleriň taryhy şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmen çapyksuwarlary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän atçylyk sporty boýunça ýaryşlara, halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri milli atçylyk sportunyň we atçylyk sirk sungatynyň dünýäde giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi. Munuň özi türkmen ilinde taryhy ähmiýeti bolan çäreleriň toý-dabaralar bilen utgaşýandygynyň, halkymyzyň durmuşynyň goşa toýlara beslenýändiginiň güwäsidir. Durmuş toýy iň ähmiýetli we ýatda galyjy pursatlara beslenýän dabara hökmünde ykrar edilendir. Bu hakykat 2016-njy ýylyň aprelinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynda-da öz beýanyny tapdy. Asylly däbe görä, durmuşa çykýan gyzyň bagtynyň açyk bolmagy arzuw edildi. Gyz çykarmak, ogul öýermek ynsan durmuşynyň iň ýakymly pursatlary hasaplanýar. Adamlar tutumly toýlaryň rowaç almagyny we onuň her bir maşgala bagt, agzybirlik, rysgal-döwlet getirmegini dileg etdiler.
Ýaşlaryň ene-atalary toýa gatnaşýanlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar öz maşgalalarynyň bagtynyň türkmen bedewleri bilen berk baglanyşyklydygyny belläp, ýaşlara saýlap alan hünärinden bagt tapmaklaryny arzuw etdiler. Munuň özi türkmen toýlarynyň ýagşy dessurlar bilen utgaşýandygynyň beýanyna öwrüldi. Soňra toý dabaralarynyň şatlyk-şowhuny belende göterildi.
Soňra dabaraly mejlis «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Beýik Britaniýa, RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda atçylyk sungatyna degişli meseleler boýunça şol ýurtlaryň atşynaslary hem-de hünärmenleri bilen maslahatlary geçirdi. Munuň özi Milli Liderimiziň her bir pursatda milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly sport çykyşlaryna tomaşa edendigine, şeýle hem Patyşa Karl III bilen duşuşyp, atçylyk ugrunda iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyna üns çekildi. Şol bir wagtyň özünde “Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýändigini, olaryň Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezendigini bellemek zerur. Şeýle-de türkmen çapyksuwarlary Kazanda guralan atly sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýelediler.
Dabaraly mejlisiň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini wasp etmek, milli atşynaslyk ýörelgelerine degişli sungat eserlerini döretmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändikleri bellenildi. Munuň özi olaryň türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyny halkara giňişlikde wagyz etmek ugrunda edýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda şahyrlaryň goşgularynyň, bagşylaryň aýdym-sazlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Dürli döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getiren bedewleriň çeper keşbini döretmek ýörelgeleri häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň bedewlere bolan ählumumy söýgüsi, buýsanjy sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar.
Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlarda bedew waspyna aýratyn orun berildi. Şöhratly pederlerimiziň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny giňden wagyz etmek sungat ussatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän günlerde ahalteke bedewlerini wasp edýän sungat eserleri baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirýär.
Sungat ussatlarynyň hoş owazlary bedewleriň ajaýyplygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan beýik işleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň senasy bolup ýaňlandy.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen, gözelligiň we ýyndamlygyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýän behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhraty belende göterilýär. Şunda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet ähmiýetli meseleleriň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär. Bu bolsa milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ylmy esasda öwrenilmegine we degişli ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegine giň ýol açýar.
Ähli ugurlaryň kämil hünärmenler bilen üpjünçiligi döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň çuňňur öwrenilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa milli atşynaslyk ýörelgeleriniň, atçylyk sportunyň ähli görnüşleriniň ilerledilmegine-de kuwwatly itergi berýär. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, şöhratly türkmen bedewleri atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça ýokary netijeleri gazanyp, dünýä atşynaslygynyň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazypdyr. Şunda Arap, Absent, Polatly, Garlawaç, Arap II, 500 kilometr aralyk boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanan Tarlaň atly bedewleri mysal hökmünde görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly senesi bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň guramaçylyk derejesine wajyp ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu bolsa dabaralaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmagyny üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary, beýleki eserleri milli atşynaslyk ýörelgelerini dünýäde giňden wagyz etmekde, olary ýaş nesilleriň aňyna ýetirmekde ähmiýetli gymmatlyk hökmünde ykrar edilendir.
Ganatly bedewlerimizi, türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny wasp etmek boýunça geçiriljek dabaraly çäreler boýunça edilen çykyşlarda häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy ösdürmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi nygtaldy. Ugurdaş düzümler bilen bir hatarda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň: «Bedewlere söýgi türkmen medeniýetiniň buýsançly sahypalarynyň biridir» diýip bellemeginde çuňňur manynyň bardygyna üns çekildi. Häzirki döwürde ýurdumyz halkara derejeli medeni çäreleriň, maslahatlaryň, sergileriň we kinofestiwallaryň yzygiderli geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýär. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna giň ýol açýar. Şunda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşýan medeniýet we sungat işgärleri tutumly toýlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine, dabaralaryň medeni maksatnamasynyň talabalaýyk taýýarlanylmagyna zerur üns berýärler.
Dabaranyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlarynyň wideoýazgysynyň görkezilmeginiň ähmiýetli bolandygy bellenildi. Halkymyzyň taryhy ykbaly, durmuşy bedewler bilen bagly bolupdyr. Şeýle asylly ýörelgeleriň bagtyýar zamananyň nesilleriniň yhlasy bilen dowam etdirilmeginde çuňňur many bar. Ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly ýörelgeler, milli seýisçilik sungaty halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklarydyr. Bu bolsa öz işine we hünärine aýratyn yhlas edýän türkmen halkynyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň dünýä giňişliginde dabaralanmagyna giň ýol açýar. Jeýtundan, Änewden, Altyndepeden, Nusaýdan, Margianadan we beýleki taryhy ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar ahalteke bedewleriniň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirmek ugrunda zehinini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk senesini mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edýän, täze eserleri döredýän medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapdy.
Artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» atly aýdymynyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.