Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
25 Sentýabr 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iş maslahaty geçirildi. Ol 23-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Iş maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen resminamalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy, Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy hem-de Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli döwür üçin Döwlet maksatnamasy barada gürrüň edildi.