Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda ýylyň dokuz aýynyň netijeleri jemlendi
03 Oktýabr 2026
Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda ýylyň dokuz aýynyň netijeleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow 2-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde medeniýet ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabaty diňledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Hasabat döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri we dabaralar geçirildi.

Şolaryň hatarynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly çäre, şeýle hem Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna bagyşlanan çykyşlar bar. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýeleri kesgitlenildi.

Şeýle hem Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi, Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke bedewleriniň arasynda dünýä çempionatynyň çäklerinde halkara döredijilik çäreleriniň guralandygy bellenildi.

Milli atçylyk mirasyny wagyz etmek maksady bilen «Sport» teleýaýlymynda «Bedew» atly täze gepleşik taýýarlanyp başlandy. Şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň alyp baran işleri barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, milli mirasy giňden wagyz etmegiň hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda zerur çäreleri geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.