Awazada Arkalaşygyň sazlary: sungatyň, gözelligiň we däp-dessurlaryň dabaralanmagy
09 Oktýabr 2026
Awazada Arkalaşygyň sazlary: sungatyň, gözelligiň we däp-dessurlaryň dabaralanmagy

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde “Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy” atly filmi bilen ýeňiji bolan russiýaly režissýor Robert Fransewe bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Hazaryň kenarynda guralan halkara çäreler mynasybetli GDA agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde “Tatar gyzy — 2026” atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp bolan özbegistanly A.Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — “ZEEKR X9” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy. Şu pursatda ýeňijä tüýs ýürekden çykýan gutlag sözleri beýan edildi.

Gözelligiň we nepisligiň özboluşly beýanyna öwrülen bäsleşikde ýeňiş gazanan tatar gyzy türkmen topragynda milli myhmansöýerlik däpleri esasynda kabul edilendigi, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza, tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady we gazanan ýeňşiniň öz durmuşynda iň bir ýatda galyjy, bagtly pursatlara beslenendigini belledi.

Konsert «Arkadagly Serdarym bu gün uly toý tutýar» atly aýdym bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň şowhunly tanslary bilen utgaşan aýdymda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Diýarymyzyň guwandyryjy ösüşleri wasp edildi.

«Awazanyň kenarynda ýaňlanýar dostluk aýdymy» atly edebi-sazly çykyşda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklary hem-de Awazanyň halklary birleşdirýän merkez hökmündäki ähmiýeti çeper beýan edildi.

Konsert maksatnamasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň öz ýurtlaryna özboluşly syýahata alyp gidýän joşgunly çykyşlaryndan ybarat boldy. Şolaryň hatarynda M.Ý.Pýatnitskiý adyndaky döwlet akademiki rus halk hory, «Pesnýary» belarus döwlet ansambly, «Horoşki» belarus döwlet akademiki horeografik ansambly, Gazagystanyň Milli sungat uniwersitetiniň talyp dombraçylar ansambly, «Saltanat» döwlet tans ansambly, şeýle hem GDA ýurtlarynyň dünýäde meşhurlyk gazanan medeniýet we sungat ussatlary bar.

Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlaryň şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanylmagy ýerine ýetirijileriň zehinine we döredijilik ussatlygyna berlen ýokary bahanyň nyşany boldy.

Aýdym-sazly, tansly çykyşlar dost-doganlyk döwletleriniň ajaýyp künjeklerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny, medeni-ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylygy, agzybirligi şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Baýramçylyk konserti milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun alan “Küştdepdi” tansy bilen dowam etdi. Halkymyzyň taryhy-medeni däpleriniň we ruhy dünýäsiniň sazlaşygyny şöhlelendirýän halk döredijiliginiň bu özboluşly nusgasy häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Soňra konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdym ýaňlandy. Bu ajaýyp we şowhunly aýdym ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň, geljegi nazarlaýan beýik maksatlarynyň senasy bolup ýaňlandy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi