10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Bouygues» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarmyzy we tutuş türkmen halkyny şanly senäniň hormatyna guralýan täze saglyk merkezleriniň açylyş dabaralary bilen tüýs ýürekden gutlady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini uly buýsanç bilen nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, «Bouygues» kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu döwürde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi. Bu kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Aşgabadyň halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýandygyny belläp, myhman sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemekleri ugrunda ygtybarly kanunçylyk binýady döredilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady.
Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda «Bouygues» kompaniýasy hem bar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda senagat we önümçilik, şeýle hem durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugur boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Marten Buig bildirilýän ýokary ynamyň özlerini has tijenip işlemäge we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem degişli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «Bouygues» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi