Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitleýär
22 Oktýabr 2026
Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitleýär

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň çäklerinde 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy», «Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş» atly plenar mejlisler hem-de birnäçe pudaklaýyn maslahatlar geçirildi. Olarda energetika bazarynyň häzirki ýagdaýy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýumlary çekmek we Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän forumda Türkmenistanyň dünýä energetika ulgamyndaky orny, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri aýratyn nygtaldy.

«Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy» atly plenar mejlisde ýurdumyzyň ägirt uly tebigy gaz gorlaryna daýanýan energetika strategiýasynyň esasy ugurlary beýan edildi. Çykyşlarda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, gazyp alyş we gaýtadan işleýiş kuwwatlyklaryny artdyrmak, energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Päkistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, şeýle hem Hazaryň türkmen bölegindäki uglewodorod känlerini ösdürmek boýunça taslamalaryň ähmiýetine üns çekildi. Bu başlangyçlaryň sebitde energiýa serişdeleriniň durnukly üpjünçiligini we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

«Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş» atly plenar mejlisde bolsa dünýä energetika ulgamyndaky özgertmeler, täze tehnologiýalaryň mümkinçilikleri we üýtgeýän şertlerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar nebitgaz serişdelerini gaýtadan işlemek, ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürmek, nebithimiýa önümçiligini ösdürmek ýaly ugurlaryň möhümdigini nygtadylar.

Forumyň panel mejlislerinde energetika infrastrukturasyny ösdürmek, uzak möhletleýin eksport bazarlaryny kemala getirmek, innowasion tehnologiýalary çekmek we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, sanly çözgütleri ornaşdyrmak hem-de ekologiýa talaplaryna laýyk önümçilikleri ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» halkara maslahaty Türkmenistanyň energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, täze taslamalary ilerletmäge we dünýä energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine goşant goşmaga gönükdirilen möhüm halkara platforma hökmünde çykyş edýär.