Türkmenistanyň Prezidenti parlamentiň kanunçykaryjylyk we halkara işleri bilen tanyşdy
24 Oktýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti parlamentiň kanunçykaryjylyk we halkara işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Parlamentiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak bilen birlikde, kanunçykaryjylyk ugry boýunça alnyp barylýan giň göwrümli işler barada giňişleýin maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlary tarapyndan döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan üpjün etmek boýunça degişli kanun taslamalary taýýarlanýar. Şeýlede, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Kärende hakynda» we «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we kanunçykaryjylyk sahasynda özara tejribe alyşmak maksady bilen, milli parlamentiň wekilleri Andorra Knýažlygynda, Tanzaniýa Birleşen Respublikasynda hem-de Täjigistan Respublikasynda gulluk saparlarynda boldular. Mundan başga-da, Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirilip, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny zamana laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.