Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň standartlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bu ugurdaky taýýarlanan täze teklip bilen döwlet Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Wise-premýer öz hasabatynda häzirki wagtda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebap standartlary ykdysadyýetiň ugurlaryna giňden ornaşdyrmak hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksady bilen degişli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şeýle hem ol alnyp barylýan işleriň netijeliligini we hilini has-da artdyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli standartlaşdyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de bu ugurda halkara tejribäniň we standartlaryň ornaşdyrylmagynyň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.