Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidiler
24 Oktýabr 2026
Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidiler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagyny döwrebaplaşdyrmak we halkara ülňülere laýyk gelýän awiasiýa hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurduň amatly geografik ýerleşişi, şeýle hem halkara howa menzillerinde döredilen häzirki zaman infrastruktura daşary ýurt awiakompaniýalarynyň hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Munuň netijesinde, türkmen howa menzilleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýan awiagatnawlaryň we ýolagçylaryň sanynyň yzygiderli köpelýändigi bellenildi.

Hasabatyň dowamynda halkara howa menzilleriniň tehniki mümkinçiliklerini has-da giňeltmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de bu ugurda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly taýýarlanan teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasy pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, hyzmatlaryň hilini halkara talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmak we pudagyň tehniki kuwwatyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutany halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýer Batyr Annaýewe degişli işleri ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.