1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň ähli halkyna milli pul birligi — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli gutlag bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz manady «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň nyşany» diýip häsiýetlendirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşine görä, milli puluň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, pul dolanyşygynyň kadalaşmagy, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň amala aşyrylmagy, şeýle hem banklaryň ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin amatly şertleri döretdi. Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynyň dolanyşykdaky pul serişdeleriniň mukdaryny kadalaşdyrmakda we maýa goýumlary üpjün etmek maksady bilen erkin maliýe serişdelerini ykdysadyýete çekmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bellemegine görä, ykdysadyýete gönükdirilýän uzak möhlete niýetlenen uly möçberli karz serişdeleri senagatlaşdyrmaga, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, importyň düzümini kämilleşdirmäge we goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Onuň görkezişi ýaly, ýerli çig mallaryň hasabyna milli puluň haryt üpjünçiligi ýokarlanýar we pul dolanyşygynyň durnuklylygy saklanylýar.
Ýüzlenmede bank pudagyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy, olaryň maliýe-ykdysady amallary çaltlandyrýandygy we hyzmatlaryň gerimini giňeldýändigi bellenilýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny artdyrmak, bank işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär, galtaşyksyz tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen elektron töleg ulgamynyň çäkleri giňeldilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen hyzmatdaşlygyň artdyrylýandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara maýa goýum ýagdaýyny pugtalandyrmaga we bank ulgamynyň innowasion ösüşine gönükdirilendir.
Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi boýunça Türkmenistanyň ýokary girdejili döwletleriň ortaça derejesine ýetendigini aýtdy. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we manadyň kursuny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, pul dolanyşygynyň we ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etdi. «Biz geljekde-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň ykdysady görkezijileri boýunça ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orny eýelemegi üçin ähli tagallalary ederis», diýlip Ýüzlenmede aýdylýar.
Ýüzlenmäniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bank işgärlerine we ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, şeýle hem döwletiň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.