Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň «Akylly gümrük» maslahatynda öz tejribesini hödürledi
03 Noýabr 2026
Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň «Akylly gümrük» maslahatynda öz tejribesini hödürledi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 26–30-njy oktýabr aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň «Akylly gümrük» taslamasynyň ählumumy maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada gullugyň metbugat bölümi habar berdi.

Halkara duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň gümrük ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we döwrebap «Akylly gümrük» ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Maslahatda türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän esasy ugurlary tanyşdyrdy. Hususan-da, Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işi, «ASYCUDA World» hem-de «Bir penjire» ulgamlarynyň mümkinçilikleri esasynda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy, halkara ýük daşamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde GPS tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen deslapky maglumatlaryň elektron görnüşinde alyş-çalşygynyň ösdürilmegi barada çykyş edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň gümrük ulgamynda sanlylaşdyrmak boýunça toplan tejribesine ýokary baha berdiler. Şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhümdigi bellenildi.