Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi
09 Noýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi

7-nji noýabrda Aşgabadyň günorta-günbatar bölegindäki Döwlet münberiniň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz ilkinji bag nahalyny oturdyp, ýaşyllandyryş çärelerine badalga berdi.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüz tutup, dabara badalga bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp saýlanylan dürli görnüşli nahallary oturtmaga girişdiler.

Tutuş Türkmenistan boýunça dabaranyň dowamynda dürli görnüşli 537 müň 900 düýp bag nahaly ekildi. Mundan başga-da, seýilgählerde we tokaý zolaklarynda öň ekilen 1 million 947 müň 396 düýp baga ideg etmek boýunça çäreler geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen söhbetdeş boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hasabatyny diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowy diňläp, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, durmuş infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy dabaranyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu gezekki ekologiýa çäresiniň üstünlikli geçmegi, şeýle hem Hasyl toýy bilen dabara gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdaymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi