COP31 maslahatynda Türkmenistanyň howa syýasaty we täze halkara taslamasy hödürlendi
11 Noýabr 2026
COP31 maslahatynda Türkmenistanyň howa syýasaty we täze halkara taslamasy hödürlendi

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak hem-de halkara borçnamalaryny berjaý etmek ugrundaky çärelerine bagyşlanan ýörite tematiki sessiýa geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Daşary işler ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde guramaçylykly guraldy. Sessiýa «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak”» diýen mowzuga bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurdumyzyň Pariž ylalaşygynyň global maksatlaryna berk ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady. Ol howanyň üýtgemegine garşy netijeli amaly çäreleri durmuşa geçirmekde ygtybarly maglumat binýadynyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň aýratyn ornuny belledi. Çykyşda Aşgabat tarapyndan öňe sürlen Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa tehnologiýalary merkezini döretmek baradaky halkara başlangyjyň sebitde innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda strategik meýdança öwrüljekdigi barada aýratyn durylyp geçildi.

Sessiýanyň işine FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekiliniň orunbasary, FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça kiçi sebit utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nabil Ganjy moderatorlyk etdi. Sessiýa türkmen tarapyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M. Kuliýewa hem gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde milli derejede howa maglumatlaryny toplamak, seljermek we hödürlemek ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de döwrebap gözegçilik gurallaryny ornaşdyrmak meseleleri durdy.

Duşuşygyň barşynda Pariž ylalaşygynyň borçnamalaryny berjaý etmekde milli aýdyňlygy ýokarlandyrmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak we ekologiýa çärelerini netijeli meýilleşdirmek barada amaly çemeleşmeler maslahatlaşyldy. Bu çäre Türkmenistanyň howa boýunça milli hasabatlylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda hem-de BMG we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze basgyça çykarmakda möhüm ädim boldy.