Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
17 Noýabr 2026
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi