Türkmenistan Durnukly ulag atlasynyň ilkinji sanly nusgasyny hödürledi
25 Noýabr 2026
Türkmenistan Durnukly ulag atlasynyň ilkinji sanly nusgasyny hödürledi

Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynda 24-nji noýabrda Türkmenistanyň we Hytaýyň bilelikdäki başlyklyk etmeginde geçirilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisinde Durnukly ulag atlasynyň ilkinji sanly nusgasy tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu waka halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyjyň amaly tapgyra geçendigini görkezdi. Ilkinji sanly prototip häzirki wagtda mundan beýläk kämilleşdirmek, maglumat binýadyny giňeltmek we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyr. Durnukly ulag atlasy 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň maksatlaryna ýetmäge ýardam bermek maksady bilen Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň çäklerinde işlenip taýýarlanylýar.

Täze maglumat platformasynyň nusgasy interaktiw kartalary, esasy ulag geçelgeleri we infrastruktura baradaky maglumatlary, şeýle-de degişli çeşmelere salgylanmalary özünde jemleýär. Ol dünýäniň dürli sebitlerinde ulag baglanyşyklaryny öwrenmek, bar bolan maglumatlary deňeşdirmek, tejribe alyşmak we durnukly ulag ulgamynda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm gural hökmünde çykyş eder.

Türkmenistanyň bu başlangyjy öňe sürmekdäki işjeň orny ýurduň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä ulag ulgamynyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak we aýratyn-da deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriň ulag mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan yzygiderli syýasatynyň beýany bolup durýar.

Durnukly ulag atlasy (Global Atlas of Sustainable Transport Connectivity ýa-da Atlas of Transport Sustainability) ulag ulgamlarynyň ösüşini seljermek, maglumatlary birleşdirmek we halkara derejede utgaşykly çözgütleri kabul etmek üçin niýetlenen ählumumy maglumat platformasydyr. Bu başlangyç ulag aragatnaşyklarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmaga we geljekki ulag taslamalary üçin ylmy-amaly esas döretmäge gönükdirilendir.

Durnukly ulag atlasynyň nusgasy: transportatlas-prototype.online