Hormatly ýolagçylar!
04 Sentýabr
Hormatly ýolagçylar!

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 08-nji awgustyndan 160-njy “Arzuw – Çandybil bazary” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

  • 160-njy “Arzuw – Çandybil bazary” ugur boýunça awtobus “Arzuw” belleniş nokadyndan ugraýar B.Annanow köçe – H.A.Ýasawy köçe – N.Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe bilen hereket edip, “Çandybil bazaryndan” aýlanyp yzyna “Çandybil bazaryndan” 10 ýyl Abadançylyk köçe – N.Andalyp köçe – H.A.Ýasawy köçe – B.Annanow köçesi bilen hereket edip, “Arzuw” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91

Şeýle hem