Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi
03 Oktýabr
Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.

— Jenap Prezident, Türkmenistan ýaňy-ýakynda beýik baýramy — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň esaslandyrylmagyna-da 30 ýyl dolýar. Bu hem Arkalaşygyň ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly adamlar üçin baýramçylykdyr, kim üçin, belki, uly ähmiýetli, kim üçin bolsa, azrak ähmiýetli senedir. Emma bu, hakykatdan-da, uly baýramdyr! Siz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýylda geçen ýoluna nähili baha berýärsiňiz, Arkalaşygyň Türkmenistan üçin ähmiýeti nähili, Siz bu guramadan nämä garaşýarsyňyz hem-de Arkalaşygyň geljegine nähili garaýarsyňyz?

— Mihail Solomonowiç, ilki bilen, Sizi Türkmenistanda mähirli garşylaýaryn hem-de şu söhbetdeşligi guramak üçin biziň ýurdumyza gelmäge mümkinçilik tapandygyňyza minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň iň abraýly habarlar agentligi — ITAR-TASS bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigimizi bellemek isleýärin. Şeýle hem men Siziň “Häkimiýet ýörelgesi” atly telewizion gepleşigiňize höwes hem-de uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärin, ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda has gowy özara düşünişilmegine uly goşant goşýar, döwletara gatnaşyklarda açyklyga hem-de özara ynanyşmaga oňyn ýardam berýär.

Indi bolsa Siziň sowalyňyza geçeliň. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy 1991-nji ýylyň ahyrynda, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen baglanyşykly wakalara jogap hökmünde esaslandyryldy. Ol çylşyrymly döwür boldy, öňki respublikalaryň arasyndaky gatnaşyklarda köp babatda düşünişmezlik galypdy, kadalaşdyrylmandy. Syýasy-hukuk, maliýe, emläk we köp sanly beýleki meseleler örboýuna galdy. Şonda GDA, şol döwürde aýdylyşy ýaly, “ylalaşykly aýrylyşmagyň” wezipesini ýerine ýetirdi. Emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary hasaba almak bilen, käbir kemçiliklere garamazdan, bu wezipe ýerine ýetirildi. Emma şondan soňra hem Arkalaşyk öz işini dowam etdirdi. Geçen 30 ýylyň dowamynda bu gurama syýasy we ykdysady taýdan has berkedi, netijeli we durmuşa ukyply bileleşik hökmünde özüni görkezdi. Häzirki wagtda hem bu guramanyň anyk maksatlary hem-de dünýä ösüşiniň häzirki zaman meýilleri bilen aýakdaş barýan ösüş mümkinçilikleri bar.

Biziň pikirimizçe, şunda gürrüň, ozaly bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň senagat, maýa goýum, innowasiýa babatda ösüşini çaltlandyrmak, Arkalaşygyň çäklerinde döwrebap, köp şahaly ulag-logistika ulgamyny döretmek, GDA-nyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglaşdyryjy giňişlik hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy, biziň ýurtlarymyzyň goňşy ýurtlarda desgalaryň we beýleki düzümleriň gurluşygyna işjeň gatnaşmagy üçin GDA-nyň bilelikdäki ykdysady mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak barada barýar. Geçen ýyl GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli Ykdysady ösüş strategiýasynyň kabul edilmegi bu wezipeleri hem-de oňa ýetmegiň ýollaryny anyklaşdyrdy. Bularyň ählisi sebit hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda, Merkezi Aziýada durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde GDA tarapyndan doly derejede ulanylyp bilner. Biziň sebitimiz Ýewraziýa ulag ugurlarynyň strategik taýdan juda möhüm çäginde ýerleşýär hem-de örän uly tebigy-çig mal serişdelerine eýedir. Bu artykmaçlyklar Arkalaşygyň uzak möhletli ykdysady meýilnamalarynda hasaba alynýar.

Umuman, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň häzirki wagtdaky hyzmatdaşlygyna dürli derejelerde hem-de görnüşlerde oňyn işjeň ýagdaý mahsusdyr. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz örän açykdyr, iş ýüzünde netijelilige gönükdirilendir, adamlaryň hakyky zerurlyklaryna we isleglerine kybap gelýändir. Bu bolsa GDA-nyň güýçli tarapydyr hem-de Türkmenistan bu bileleşigiň çäklerinde hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyr.

— Jenap Prezident, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Russiýa aýratyn orun eýeleýär diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz, bu taryhda hem şeýle bolupdy, häzirki şertler hem muny talap edýär. Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda haýsy ugurlarda has uly sepgitlere ýetildi, haýsy ugurlarda bolsa heniz mümkinçilikler doly peýdalanylmaýar? Siz tutuşlygyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz?

— Türkmenistan bilen Russiýanyň gatnaşyklary iki strategik hyzmatdaşlaryň gatnaşyklarydyr. Şeýle häsiýetnama türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary öz gerimine alýandygyny; onuň uzak möhletlidigini; häzirki döwrüň üýtgäp durýan ýagdaýlarynyň täsirine düşmeýändigini aňladýar.

Biz parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde halkara we sebit giňişliklerinde, iri halkara guramalarda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlyk edýäris, şunda, zerur bolan halatynda, öz hereketlerimizi utgaşdyrýarys. Şeýle hyzmatdaşlygyň çemeleşmeleriň ýakynlygyna ýa-da umumylygyna esaslanýandygyny bellemek isleýärin. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasyna, deňhukuklylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, olaryň içki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgelerine daýanylýar.

Ykdysady ulgamda Russiýa köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň daşary haryt dolanyşygynyň möçberleri boýunça öňdäkileriň hatarynda durýar we ýurdumyzyň iň iri maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir.

Biz Russiýa bilen ýangyç-energetika ulgamynda, gämi we uçar gurluşygynda, obasenagat toplumynda, dokma senagatynda, ulag ulgamynda, ýol gurluşygynda, metallurgiýa senagatynda hem-de beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan welaýaty ýaly sebitleri bilen göni söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy we üstünlikli ösdürilýär. Russiýanyň beýleki sebitleri hem şeýle hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler.

Medeni we ynsanperwer gatnaşyklar ösdürilýär. Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn üstünlikli diýip aýdyp bilerin.

Häzirlikçe doly peýdalanylmadyk mümkinçilikler barada aýdylanda, gürrüň, ozaly bilen, bilelikdäki tagallalary talap edýän ugurlar barada gidýär ýa-da olar peýdalanylyp başlanylandyr. Olaryň hatarynda ulag we logistika ulgamyny aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzi — Wolga derýasy ugry boýunça Russiýanyň demirgazyk portlaryna we soňra Ýewropa çykmagy göz öňünde tutýan ulag geçelgesiniň döredilmeginiň geljegi örän uly taslamasynyň üstünde işleýäris. Munuň üçin Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň Hazar ugry has güýçlendirilýär.

Türkmenistanda hem, Russiýada hem hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ägirt uludygyna oňat düşünilýär, aýratyn-da, soňky ýyllar iki tarap hem bu kuwwaty özara bähbitlilik esasynda durmuşa geçirmek üçin tutanýerli tagallalary edýär.

Şeýlelikde, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyz örän giň gerime eýe boldy, şoňa görä-de, häzirki wagtda haýsy ugurda peýdalanylmadyk mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak aňsat däldir.

— Jenap Prezident, Siz sowala şeýle giňişleýin jogap berdiňiz welin, men ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen uly sepgitler Siziň Prezident Wladimir Putin bilen şu ýyllaryň dowamynda geçiren köp sanly duşuşyklaryňyzyň netijesinde mümkin boldy diýsem, ýalňyşmaryn diýip pikir edýärin! Syýasy sözlükde “personal chemistry” — «şahsy ynanyşyk» diýen adalga bar. Iki döwletiň Liderleriniň özara gatnaşyklaryny synlanyňda, biziň Prezidentimiz bilen Siziň şahsy gatnaşyklaryňyza has köpräk orun berilýär diýen pikir döreýär we şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen emele gelen gatnaşyklara nähili baha berýärsiňiz?

— Men bu gatnaşyklara doly özara ynanyşmak, açyk, dostluk gatnaşyklary hökmünde baha berýärin, şunda ol örän anyk hem-de ahyrky netijä gönükdirilendir. Biziň ilkinji tanyşlygymyz haçanda men heniz wise-premýer wezipesinde işleýärkäm bolupdy we Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň birinde onuň ýanynda boldum. Ýalňyşmaýan bolsam, şol duşuşyk 2002-nji ýylda bolupdy. Şunlukda, biz eýýäm 20 ýyla golaý wagt bäri tanyşdyrys, hemme ugurlar boýunça hemişe ak ýürekli, göni hem-de açyk hyzmatdaşlyk edýäris.

Meniň pikirimçe, Wladimir Wladimirowiç beýik adam, ol sada häsiýetli hem-de giň göwünli. Şeýle adam bilen söhbetdeş bolmak hemişe örän ýakymly.

Biz Russiýanyň Prezidenti bilen yzygiderli ýagdaýda ýüzbe-ýüz, telefon arkaly söhbetdeş bolýarys, pikir alyşýarys, halkara syýasatyň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça maslahat edýäris. Her gezek hem men onuň bilelikde netijeli işlemäge gyzyklanmasyny, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, biziň ýurdumyza, saýlap alan ýolumyza hormat goýýandygyny duýýaryn.

Biziň ara alyp maslahatlaşan ähli meselelerimiz iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Biz muňa ýokary baha berýäris hem-de men dünýä giňişliginde Türkmenistany, biziň Bitaraplygymyzy, halkara başlangyçlarymyzy hemişe goldaýandygy üçin Russiýanyň Prezidentine çuňňur minnetdardyryn.

— Gynansak-da, häzirki wagtda ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirýän, tutuş dünýäni gurşap alan ýene-de bir çylşyrymly, pandemiýa bilen baglanyşykly mesele bar. Türkmenistanyň halkyna bu meselede hem rowaçlyk hemra boldy, Siziň hut özüňiziň aladalaryňyz hem-de Hökümetiň öz wagtynda geçiren çäreleri netijesinde, Siziň ýurduňyza az sanly ýurtlaryň hatarynda bu howply ýokanç keselden goranmagyň başardandygyny bilýärin. Muňa garamazdan, entek howp aradan aýrylmady. Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” we “Epiwakkorona” waksinalaryny resmi taýdan bellige aldy. Siz bu keseliň öňüni almak, onuň Siziň ýurduňyza ýaýramazlygy üçin nähili çäreleri görmek zerur diýip hasaplaýarsyňyz?

— Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” we “Epiwakkorona” waksinalaryny resmi taýdan bellige alan dünýädäki ilkinji ýurtlaryň biridir. Bu bolsa köp babatda bize koronawirus pandemiýasyna üstünlikli garşy durmaga mümkinçilik berdi we mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýokanja garşy göreşde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny bellemek isleýärin.

Pandemiýa ýaýrap başlan günlerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda örän gysga möhletlerde ylmy-lukmançylyk bileleşikleriniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary ýola goýuldy. Biziň ýurtlarymyzyň bu çylşyrymly şertlerde hakyky raýdaşlygyň, birek-birege doganlyk goluny uzatmagyň hem-de goldawyň, tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezendigini doly ynam bilen aýdyp bilerin.

Hyzmatdaşlygyň şeýle ýokary derejeli häsiýetini nygtamak bilen, doly esasda Russiýanyň aýratyn ornuny belleýärin hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlygymy beýan edýärin.

Ýurdumyzda sanjym işleri bellenilen möhletlere hem-de zerurlyklara laýyklykda barýar, ol Türkmenistanyň ähli künjeklerini öz gerimine aldy. Saglygy goraýyş ulgamy, arassaçylyk-epidemiologiýa gulluklary sazlaşykly işleýärler, bu ýokanjyň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreler geçirilýär. Häzirlikçe, Türkmenistana gelmekde, hususan-da, beýleki ýurtlar bilen howa gatnawlarynda belli bir çäklendirmeler dowam edýär. Häzirki şertlerde munuň özi tebigy ýagdaýdyr.

Biz dünýäde, goňşy ýurtlarda pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlary üns bilen synlaýarys hem-de ýagdaýa görä hereket ederis. Tutuşlygyna, Türkmenistanyň bu örän howply ýokanç kesele garşy gorag çärelerini netijeli guramagy başarandygyny aýdyp bilerin.

— Häzirki wagtda Türkmenistan örän ýokary depginlerde ösýär hem-de dünýä kartasynda barha uly ähmiýetli orny eýeleýär. Siziň ýurduňyzyň gazanýan üstünlikleri barada dünýäde barha köp bilýärler. Siziň birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürendigiňiz hem-de olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylandygy bellidir. Siziň öňe süren başlangyçlaryňyzyň haýsysy Size has ýakyn we olaryň haýsy biriniň durmuşa geçirilendigine buýsanýarsyňyz?

— Ilki bilen, men şol başlangyçlarymyzy, meýilnamalarymyzy we garaýyşlarymyzy doly goldan hem-de häzirki wagtda hem olary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň halkyna buýsanýaryn.

Soňky ýyllarda ýurdumyz, hakykatdan-da, okgunly ösýär, pandemiýa garamazdan, ykdysadyýetimiziň ösüş depginleri durnukly hem-de oňat derejede saklanýar. Bularyň ählisi ykdysadyýetimiziň durnuklylygynyň hem-de onuň uly kuwwatynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow öz ýurdy üçin köp işleri bitirdi, döwletiň esaslaryny goýdy. Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmak boýunça uly işler geçirildi. Men 2015-nji ýylda biziň başlangyjymyz boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň dünýäde ýeke-täk Bitaraplyk hukuk derejesiniň gaýtadan ykrar edilendigine, soňra bolsa 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilendigine buýsanýaryn.

Ol ýa-da beýleki ulgamda gazanylan anyk üstünlikler barada aýdylanda, olar az däldir hem-de hemmesini sanap geçmek köp wagt alar.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň köpüsi tarp ýerden diýen ýaly dikeldildi. Häzirki zaman ýollarynyň müňlerçe kilometri, energetika düzüminiň iri desgalary guruldy, täze zawodlaryň onlarçasy ulanylmaga berildi. Biziň buýsanjymyz Aşgabady, onuň binagärlik keşbini, biziň adamlarymyzyň ýaşaýan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny synlap görüň!

Hazar deňziniň kenaryndaky ozal çöllük meýdan bolan künjekde kaşaň myhmanhanalary hem-de kottej şäherçelerini öz içine alýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi, bu zolaga ýurdumyzyň ýaşaýjylary her ýyl dynç almaga barýarlar. Bu mysallar ýurdumyzda amala aşyrylan işleriň diňe bir bölegidir.

Halkara giňişlikde biz dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa, parahatçylyk döredijilik hem-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça öňe süren başlangyçlaryny goldaýandygyna ýokary baha berýäris we muňa guwanmaga haklydyrys. Biziň tekliplerimizi goldap, BMG-de biragyzdan ses berilýändigi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň parahatçylyk döredijilik ugrunyň ähmiýetine barha aýdyň düşünilmegi hem-de goldanylmagy ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam bermek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, dünýä işlerinde BMG-niň esasy ornuny berkitmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlylyk boýunça daşary syýasy strategiýamyzyň dogrudygyna bizde berk ynam döredýär. Bularyň ählisi buýsanmak üçin esas döredýär, emma, gaýtalaýaryn, amala aşyrylan bu işler, hakykatdan-da, türkmen halkynyň we biziň döwletimiziň bitiren hyzmatydyr.

— Ýurduňyza ýetip gelýärkäm, uçardan Aşgabady synlanymda, ak mermerli ajaýyp şäher meni haýran galdyrdy. Şol ýakymly duýgular bilen hem duşuşyga geldim. Siziň paýtagtyňyz örän arassalygy, binagärlik gözelligi bilen kalbyňda täsin duýgulary oýarýar. Siz meniň ýüregime mährem bolan Hazar deňzini ýatladyňyz, men Hazaryň aňry tarapynda ösüp-ulaldym. Bizi ýaşlygymyz, umumy Hazar deňzi, beýik Garagum sährasy ýakynlaşdyrýar. Siz bir syry açyp bilermisiňiz: tutuş ýurduňyzyň Siziň Watanyňyzdygyna düşünýärin. Türkmenistanyň haýsy künjekleri Size has ýakyn, nirede Siziň kalbyňyz has ýakymly duýgulara beslenýär?

— Türkmenistan, hakykatdan-da, täsin ýurtdur, biziň ülkämizde synlap, lezzet alar ýaly künjekler köpdür. Bu meniň Watanym, bu ýerde meniň watandaşlarym ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, çagalaryny terbiýeleýärler. Türkmenistanyň her bir künjegi özboluşly ajaýypdyr, biziň gadymy taryhymyzyň, medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň äheňlerini özüne siňdirendir.

Men ýygy-ýygydan ýurdumyz boýunça saparlarda bolýaryn, adamlar bilen duşuşýaryn hem-de olaryň tutanýerli zähmeti, ýaşaýan topragyna çäksiz söýgüsi netijesinde, Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýändigine, ösýändigine göz ýetirýärin. Hemmetaraplaýyn amatly, abadanlaşdyrylan obadyr şäherler peýda bolýar, seýilgähler, dynç alyş zolaklary döredilýär.

Her bir adamda bolşy ýaly, çagalyk, ýetginjeklik ýyllarymy geçiren ýerlerim meniň üçin aýratyn mähremdir, olar baradaky ýatlama hemişe meniň kalbymy çoýýar. Adamyň Watany ýeke-täkdir, şoňa görä-de, her bir adam üçin onuň her daban ýeri, nähili hem bolsa, gözelmi ýa-da gözel dälmi, ýüregine örän ýakyndyr.

— Jenap Prezident, ozaly bilen, men Siz barada öwgüli sözleri aýdasym gelýär, Siz hatda ajaýyp sport taýýarlygy babatda ýokary derejede kämilligi saklaýarsyňyz, welosiped, karate, taekwondo, nyşana ok atmak bilen meşgullanýarsyňyz. Sportdan daşdaky adam hökmünde Siziň ýanyňyzda özümi oňaýsyz duýýaryn we ussat türgenlik derejesindäki jenap Prezidentiň ýanyna söhbede gelýärin. Munuň üçin meni bagyşlaň, bu ugurda buýsanmaga ýagdaýym ýok. Siz sportuň ynsan üçin örän möhümdigine, zerurdygyna, sportuň Siziň durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna haçan göz ýetirdiňiz?

— Bu duýgy, elbetde, beden üçin zerurlykdan emele gelen tebigy duýgudyr. SSSR döwründe geçen çagalyk ýyllarymda ýetginjekleri sport bilen meşgullanmaga çekmek işleri oňat ýola goýlupdy. Ýadyňyza düşýän bolsa, bu ugurda dürli klublar we guramalar, mysal üçin, DOSAAF hereket edýärdi, olarda ýaşlara sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim berilýärdi.

— Elbetde, ýadyma düşýär. «Goşuna, awiasiýa we flota ýardam bermek boýunça meýletin jemgyýet» diýlip atlandyrylýardy. Şeýle at bilen döşe dakylýan nyşanjyk hem bardy.

— Hut şu guramada hem sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim berýärdiler. Munuň özi örän gyzykly hem-de özüne çekijidi, şoňa görä-de, men beýleki ähli ýetginjekler ýaly, özüme ýaraýan, nyşana ok atmak, erkin we nusgawy göreş, welosiped we awtomobil sporty bilen işjeň meşgullandym. Hormatly nyşanlara we beýleki sylaglara birnäçe gezek mynasyp boldum, ýetginjekleriň arasynda nusgawy göreş boýunça respublikanyň birinjiliginde öz agram derejämde 1-nji orny eýeledim. Şol bir wagtda DOSAAF guramasy tarapyndan ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlarda pnewmatik ýaragdan atmak boýunça bäsleşiklerde tapawutlanyp, birinji orny aldym.

Harby taýýarlyk boýunça bäsleşiklerde bolsa tüpeňden ok atmak boýunça «Türkmenistanyň çempiony» diýen derejä mynasyp boldum. Atçylyk sporty barada aýdylanda, bedewe atlanmaýan türkmeni göz öňüne getirmek kyndyr.

Men indi onlarça ýylyň dowamynda döwlet gullugynda işleýärin, şunda dynç günleri we zähmet rugsatlary ýok diýen ýalydyr. Iş günüm ir säherden başlanýar we giç agşama çenli dowam edýär. Şeýle ýagdaýda oňat beden taýýarlygyň bolmasa, netijeli işlemek, ýüze çykýan meselelere ünsüňi jemlemek mümkin däldir. Sportuň özüme gyzykly bolan birnäçe görnüşleri boýunça türgenleşiklerimi dowam etmek üçin wagt tapmaga çalyşýaryn. Şeýle türgenleşikler belli bir derejede özüňi, hereket tizligiňi, erkiňi, üýtgäp durýan ýagdaýlarda bada-bat dürs çözgütleri tapmak başarnygyňy saklamaga mümkinçilik berýär. Sportuň işjeň, tiz hereketleri talap edýän görnüşleri bu häsiýetleri taplamaga ýardam berýär hem-de olary işde peýdalanmaga kömek edýär.

— Jenap Prezident, dogrymy aýtsam, Siziň kärdeşleriňiziň — döwlet Baştutanlarynyň arasynda köp bolmasa-da, sport bilen meşgullanýanlary bar. Siz bolsa, şol bir wagtda, döredijilik bilen hem meşgullanýarsyňyz — kitap, goşgy ýazýarsyňyz, aýdym döredýärsiňiz. Men wideoýazgyda Siziň döreden sazyňyzy diňledim, onuň sazlaşygy, heňleri kybaplaşýar. Bu Siziň terjimehalyňyzyň aýratyn sahypasydyr. Döredijilik Size näme berýär?

— Döredijilik başarnygy maňa ata-babalarymdan galan miras bolsa gerek. Men mugallymlar maşgalasynda önüp-ösdüm, atam mugallym bolmak bilen, hekaýadyr goşgy ýazypdyr, soňra kakam hem mugallym bolup işledi we hekaýalary, goşgulary ýazdy. Siziň bilşiňiz ýaly, men hem köp ýyllaryň dowamynda mugallym bolup işledim. Belkem, şol sebäplidir, döredijilikde meniň zehinim doly derejede açyldy. Döredijiligiň, esasan-da, aýdym-saz ýazmagyň ylham berýändigini aýtmak isleýärin, ol durmuş işjeňligini döretmäge ýardam edýär.

Saz, goşgy döretmek, has takygy, esasy işimden daşgary gyzyklanma bildirýän sungatymdyr, ol iş-aladadan az-owlak ünsüňi sowmaga kömek edýär.

Kitap ýazmagy bolsa esasy işimiň, döwlete we halkyma gulluk etmegiň aýrylmaz, möhüm bölegi hasaplaýaryn. Döredijiligiň bu ugruna örän jogapkärli garaýaryn, galamy ele almazdan ozal, köp sanly maglumat çeşmelerini içgin öwrenýärin, arhiw maglumatlaryny alýaryn, hünärmenler bilen maslahatlaşýaryn.

Ýazýan eserlerimiň okyjylar köpçüligine gowuşýandygyna, diňe bir Türkmenistanda däl-de, başga ýurtlarda hem aýratyn ünsli seljerilýändigine düşünýärin. Bu öz ýazýan zadyňa ýokary derejede düşünmegi, jogapkärçiligi, oýlanyşykly döretmegi, maglumatlara daýanmagy talap edýär. Döredijiligiň bu görnüşinde ýokary derejäni saklap, peýda getirjekdigime umyt edýärin.

— Siz şahsyýet hökmünde kemala gelşiňiz barada aýtmak bilen, kakaňyzy ýatladyňyz, bu kanunalaýykdyr. Gynansak-da, Siziň uly hormata eýe bolan kakaňyz birnäçe aý mundan ozal aradan çykdy. Siziň bilşiňiz ýaly, beýik rus şahyry Aleksandr Twardowskiniň “Heniz kakamy soňky ýoluna ugradýançam, sakgalym döşüme düşse-de, özümi entek ýaş hasaplaýardym” diýen setirleri ýadyma düşýär. Bu dogrudyr. Siziň kakaňyz bagtly adam, ol oglunyň şeýle belent derejä ýetenini gördi. Siz uly adam bolup ýetişeniňizden soň hem, köp ýyllaryň dowamynda ol Siziň ýanyňyzda boldy, şahsyýet we meşhur ynsan bolup ýetişmegiňiz üçin köp hyzmatlary bitirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde atalyk öwüt-ündewleriň, nesihatlaryň haýsy biri Siz üçin has möhüm we häzirki wagtda her gün ýardam berýär?

— Meniň kakam berk durmuş ýörelgelerine eýerýän, päk ahlak sypatlaryna eýe bolan ynsandy. Ol meniň öz garaýyşlaryna hökman eýermegimi talap etmeýärdi, maňa nähilidir bir üýtgeşik nesihat ýa-da ýörite görkezmeler bermeýärdi. Has dogrusy, ol meni öz göreldesiniň täsiri, işe, maşgala, mähriban ojagyna, goňşularyna, dost-ýarlaryna, garyndaşlaryna, bir söz bilen aýdylanda, ynsanyň kalbynda maşgala ojagy we has giň manyda «Watan», «Diýar» diýen mukaddes düşünjäni oýarýan ähli zatlara bolan gatnaşygynyň mysalynda terbiýeledi. Elbetde, ol maňa, ýokary döwlet wezipesinde işläp başlan wagtymda hem nesihatlaryny we maslahatlaryny berýärdi, ol ýa-da beýleki meseleler boýunça pikirlerini aýdýardy, men olara ünsli garaýardym. Kakamyň beren maslahatlarynyň köpüsi ýurdumyz üçin zerur hem örän peýdaly boldy.

Men hemişe onuň örän päk ýüreklilik, adamlara kömek etmäge islegi we başarnygy, adam tötänleýin ýalňyşan ýagdaýynda, oňa geçirimlilik etmek ýaly göreldesine eýermäge çalyşýaryn. Şeýle häsiýetleriň örän möhümdigi düşnüklidir, emma şunuň ýaly ynsan gylyklary döwlet derejesinde peýdalanylanda, aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar.

— Kakaňyzyň ýatan ýeri ýagty bolsun! Ol öz ogluna buýsanýardy. Bu gün Siziň özüňiz bagtly ata, Siziň ajaýyp, asylly maşgalaňyz bar. Çagalaryňyz ösüp ýetişdi, Size olara guwanmaga esas bar diýip pikir edýärin. Siziň her pursady dürli çärelere beslenen iş tertibiňiz sebäpli, maşgala agzalaryňyz bilen duşuşmaga, gürrüňdeş bolmaga wagtyňyz barmy? Jemgyýetiň maşgala atly kiçijik toparynda iň gymmatly zat näme? Siz nämä has uly baha berýärsiňiz, maşgala gymmatlyklarynda iň möhüm zat näme?

— Size açyk aýdýaryn, meniň gulluk iş tertibime “maşgala bilen söhbetdeşlik” diýen mesele girizilen däldir. Bu degişme bolsa-da, maşgalam, agtyklarym üçin, hakykatdan-da, wagt ýetmezçilik edýär. Çagalarym indi uly adamlar bolup ýetişdi, oglum döwlet işinde, gyzlarymyň biri lukmançylykda, beýlekisi ykdysadyýet ulgamynda zähmet çekýär, agtyklarym bolsa sanlylaşdyrylan döwrüň nesilleridir. Mysal üçin, men dört ýaşly agtygymdan: “Saňa nähili oýunjagy sowgat etmeli?” diýip soraýaryn. Ol bolsa maňa: “Bir zat soramazdan ozal, ilki bilen, pikirleniň, soňra sowal beriň! Onsoňam, “LowiKod” ýa-da QR-kod açyp bolýarka, sowal bermegiň zerurlygy barmy, ine, biz özümiz size haýsy oýnawajy saýlap almagy teklip edip bileris” diýip jogap berýär. Görüň! Häzirki döwrüň çagalary nähili!

Hemmämiziň maşgala bolup, bile ýygnanýan pursatlarymyz hem bolýar. Emma olar örän seýrek ýagdaýdyr hem-de näme üçindir, tiz tamamlanýar. Emma bu zerurlykdyr, meniň maşgalam, ýakynlarym beýle ýagdaýa düşünýärler.

Ösüp gelýän ýaş nesilde nähili sypatlary görmek isleýändigim barada aýdylanda, olarda abraý, päk ýüreklilik, ahlak arassalygy, ululara hormat goýmak, maşgala ojagynyň mukaddesligine sarpa, Watana söýgi ýaly sypatlar jemlenmelidir. Bu sypatlar dünýe ýaly gadymydyr we ömürlikdir, beýle häsiýetler üýtgewsizligine galmalydyr hem-de ynsanyň, jemgyýetiň, döwletiň eýerýän ýörelgeleri bolmalydyr.

— Hormatly jenap Prezident, Siziň bilşiňiz ýaly, duşuşyga taýýarlanyp başlalym bäri köp wagt geçdi we mende ýene-de bir sowal bar, ol syýasy häsiýetlidir. Dünýädäki ýagdaýlar tiz üýtgäp durýar hem-de çylşyrymly häsiýete eýe bolýar, şeýle wakalar Owganystanda bolup geçdi. Bu ýurt Siziň hem, biziň hem goňşymyz, onda soňky wagtda wakalar şeýle bir tiz we garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykdy hem-de örän çylşyrymly ýagdaýlary emele getirdi. Bu ýurduň Türkmenistana örän ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, howp abanýarmy? Ýagdaýyň şeýle ösüşinde howp barmy ýa-da Siziň pikiriňizçe, howp ýokmy? Siziň nukdaýnazaryňyzdan, Owganystandaky ýagdaýlar, umuman, nähili häsiýete eýe bolar?

— Soňky günlerde Owganystandaky syýasy ýagdaý düýpli üýtgemelere sezewar boldy. Goňşy ýurtdan — Owganystandan daşary ýurt goşun bölümleri çykarylandan soňra, täze hökümeti düzmek işleri başlandy. Bu ýurt öz taryhynda täze tapgyra gadam urýar.

Biz Türkmenistanda Owganystandaky ýagdaýyň ösüşini hem-de soňky wakalary üns bilen synlaýarys we häkimiýetiň çalşylmagynyň giň umumymilli gepleşikler esasynda parahatçylykly ýol bilen amala aşyryljakdygyna umyt edýäris.

Biz öz tarapymyzdan Owganystanyň täze hökümeti bilen däp bolan dost-doganlyk türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu ýurtda ýagdaýy tizden-tiz düzetmek maksady bilen, onuň durnukly durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegine zerur bolan ýardamy bermek üçin ýakyndan işleşmäge taýýardygymyzy beýan etmek isleýärin.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanmak bilen, diňe parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, daşary ýurtlaryň içerki işlerine goşulmaýar.

Biz Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, harby bileleşiklere we toparlara goşulmaýarys — öz syýasy giňişligimizi parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de dünýäde durnukly ösüşe ýardam bermek üçin işjeň peýdalanýarys. Şunuň bilen baglylykda, Owganystandaky häzirki ýagdaý babatynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny düşündirmek isleýärin. Biziň garaýşymyz esasy üç ýörelgäni: syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de durmuş-ynsanperwer ugurlary özünde jemleýär.

Birinjiden, biz Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly, Owganystanda ýaşaýan ähli etnik we dini toparlaryň giňden gatnaşmagynda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamagyň esasynda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini birnäçe gezek nygtapdyk.

Owgan halky öz ýurdunyň geljegini özbaşdak çözmelidir hem-de täze hökümet bilen döwlet gurluşynyň görnüşini kesgitlemelidir.

Ikinjiden, owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň durnuklylygynyň, durnukly ykdysady ösüşiniň, bu goňşy ýurduň sebit hem-de dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň örän möhüm şerti bolup durýar.

Biziň ýurdumyzyň energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegi hem munuň mysaly bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy uly ähmiýete eýe bolýar. Deslapky hasaplamalara görä, bu taslama Owganystana tebigy gazy göni ibermekden başga-da, diňe öz çäginden “mawy ýangyjy” üstaşyr geçirmegiň hasabyna bu ýurduň býujetine ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak möçberde maliýe serişdeleriniň gowuşmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, çäklerinde bu gaz geçirijisi guruljak welaýatlarda birnäçe müň täze iş orunlary dörediler.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy amala aşyrylýar, «Lapis-Lazuli» ulag geçelgesini döretmek işleri alnyp barylýar. Şunuň ýaly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň doganlyk Owganystanyň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine, daşary ýurtly maýa goýujylar tarapyndan işjeňligiň ýokarlanmagy üçin höweslendiriji şert boljakdygyna ynanýaryn.

Üçünjiden, Türkmenistan Owganystanyň ynsanperwer goldawa ýiti mätäçlik çekýändigine düşünmek bilen, owgan halkyna yzygiderli esasda kömek berýär. Biz Owganystana ynsanperwerlik ýükli kerwenleri yzygiderli iberýäris, oba ýerlerinde mekdepleri we hassahanalary gurýarys, Türkmenistanyň bilim edaralarynda Owganystanyň işgärlerini taýýarlamak işlerini barha giňeldýäris.

Ýakynda dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküni ugratmak barada çözgüdi kabul edendigimizi bellemek isleýärin. Bu işleriň ählisi Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Biz mundan beýläk-de Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek ýaly asylly däbi dowam etmegi ugur edinýäris.

Ýakyn wagtlarda baý taryhy geçmişi bolan owgan topragynda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar boljakdygyna ynanýaryn.

— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda, jenap Prezident, Size bir sowal bermek isleýärin, men geçirýän ähli duşuşyklarymyň soňunda hemişe şeýle sowal berýärin. Biziň gepleşigimiz “Häkimiýet ýörelgesi” diýlip atlandyrylýar we şunuň bilen baglylykda, şeýle sowaly berýärin: Siz, Türkmenistanyň Prezidenti üçin häkimiýet näme? Onuň “tagamy” nähili? “Häkimiýet” diýen düşünje örän täsin zat.

— Häkimiýet başynda durmak bilen, halkyň wepaly hemaýatkäri bolmagy, hakykatyň we ynamyň güýji bilen, öz Watanyma, halkyma hyzmat etmegi özüm üçin uly mertebe hasaplaýaryn. Şoňa görä-de, biz ýokary döwlet wezipesinde işlän tutuş döwrümiziň dowamynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş baýdak edindik. Türkmen halkynyň taryhy we durmuş tejribesiniň utgaşdyrylmagy, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň, ХХI asyryň başynyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlarynyň gazananlarynyň sazlaşygynda guralan bu taglymat watançylygy, zähmetsöýerligi, ynsanperwerligi hem-de jogapkärçiligi ugur edinýär we adamlara raýatlyk borjunyň, wyždanynyň, ruhy ynançlarynyň emrine laýyklykda ýaşamaga we döretmäge ylham berýär. Bu taglymat ýurdumyzyň raýatlaryny birleşdirýän hem-de jebisleşdirýän, jemgyýetiň hil taýdan bütinleý täzelenmegini taplaýan ruhy esas bolup çykyş edýän umumymilli garaýyşlary açyp görkezýär.

Meniň üçin häkimiýet, ozaly bilen, örän ýokary jogapkärçilikdir. “Häkimiýet — munuň özi çözgütleri kabul etmek hem-de olary durmuşa geçirmek üçin ygtyýarlyklardyr we serişdelerdir” diýen nusgawy kesgitleme bar. Bu kesgitleme dogrudyr, emma jogapkärçilik bolmadyk halatynda, ol diňe howaýy düşünjedir. Diňe belent jogapkärçilik bu düşünjä many-mazmun, gymmatlyk hem-de ýaşaýşa höwes ylhamyny berýär.

Öz şahsy jogapkärçiligiňi duýmak howul-hara, oýlanyşyksyz çözgütleri kabul etmekden goraýar, «ýedi ölçäp, bir kesmäge», ol ýa-da beýleki çözgütleriň ýetirip biljek täsirlerine düşünmäge ýardam berýär.

Ol çözgütleriň aňyrsynda öz aladalary, arzuw-hyýallary bilen ýaşaýan adamlar bar. Prezidentiň belent wezipesini eýelemek bilen, men şu düşünjelerden ugur alýaryn. Häkimiýetiň güýjüni we täsirini adamlaryň, öz ýurduň bähbidine ulanmaly — meniň pikirimçe, munuň özi esasy, maksada gönükdiriji garaýyş bolup durýar.

— Jenap Prezident, köp sag boluň! Söhbetdeşlige wagt tapandygyňyz meniň üçin uly hormatdyr. Duşuşygymyz örän gyzykly we many-mazmunly boldy. Munuň üçin men hoşallygymy beýan edýärin. Şu söhbetdeşlige syn eden tomaşaçylaryň we okyjylaryň Sizi ajaýyp ýurduň Prezidenti hökmünde we Siziň ýurduňyzy häzirki zaman gülläp ösýän döwlet hökmünde has ýakyndan tanajakdyklaryna ynanýaryn. Size ähli gowulyklary, Türkmenistanyň halkyna we ýurduňyza rowaçlyklar, abadançylyk arzuw edýärin. Jenap Prezident, sag boluň!

Şeýle hem